Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplaryň 11-si nazary mehanika boýunça halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

21:4206.04.2023
0
33460

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty nazary mehanika boýunça ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiren II Açyk halkara internet olimpiadasynyň netijelerini yglan etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, Ýekelikde we toparlaýyn talyp ýaryşlarynyň netijeleri boýunça, 33 ýeňiji we 181 baýrakly orunlar kesgitlendi.

Olimpiadanyň ýekelikdäki ýaryş sanawynda 27 ýeňiji bolup, olardan 11 sanysyny Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gazandy.

Şolaryň arasynda olimpiadanyň guramaçy okuw mekdebiniň 5 talyby: Abdylla Rejebow, Şöhrat Babamyradow, Döwlet Suhanberdiýew, Aýna Ýazjumaýewa we Gyzylgül Gylyçgeldiýewa dagylar bar. Iki sany 1-nji orny Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Guwanç Annalyýewa we Kakageldi Agajanow eýelediler. Ýene iki sany 1-nji orun – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Kerim Çerkezow we Gowşut Orazgeldiýewiň hasabynda. Ýazmuhammet Möwlamow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary) we Örebaý Hojaýew (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) hem birinji orny eýeledi.

Türkmenistanly 48 talyp ikinji we 38 sany üçünji orny eýeledi. Baýrakly orunlar ýokarda atlary agzalan okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, S. A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna berildi.

Ýekelikdäki ýaryşlarda 16 ýeňiji – Russiýanyň we Hytaýyň ýokary mekdepleriniň talyplary bolup, olar 36 sany ikinji orny eýelediler. Üçünji orny rus we hytaýly talyplar paýlaşdylar. Belarusyň, Özbegistanyň, Ekwadoryň we Gyrgyzystanyň wekilleri hem bu baýrak eýelerine goşuldylar.

Olimpiadanyň toparlaýyn bölüminde 6 ýeňiji aýan edildi. Moskwanyň fizika we tehnologiýa institutynyň talyplar topary Olimpiadanyň Baş baýragyny gazanan şeksiz ýeňiji boldy. Dört sany birinji orny hytaýly toparlar eýeledi. Ýeňijileriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň topary hem bar.

Topar ýaryşynda 6 sany ikinji we 13 sany üçünji orun türkmenistanly, russiýaly we belarusly toparlara berildi.

Olimpiadanyň ýeňijileridir baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy.

Nazary mehanika boýunça geçirilen II Açyk halkara internet olimpiadasyna Türkmenistanyň 16 ýokary okuw mekdebinden 130-dan gowrak we dünýäniň 16 ýurdunyň 59 uniwersitetinden 350-ä golaý talyp gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň