Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň lybaslarynyň we nyşanynyň nusgalary bilen tanyşdy

10:3003.04.2023
0
49683

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäheriniň täze döredilen futbol toparynyň lybaslarynyň we nyşanynyň nusgalary bilen tanyşdy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hasabat berdiler.

Olar Arkadag şäheriniň futbol toparynyň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berip, futbolçy türgenler üçin niýetlenen ýörite sport lybaslarynyň görnüşlerini we toparyň meýilleşdirilýän nyşanyny görkezdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Sport lybaslary özüniň ähmiýetine laýyk gelmelidir, olar göze gelüwlilik, ykjamlyk babatda tapawutlanmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, toparyň özüne degişli nyşanynyň sport lybasynda talabalaýyk ýerleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan hem hasaba alyndy. Topar şu ýyl Türkmenistanyň çempionatyna we Kubok ýaryşyna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň