Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi

13:3301.04.2023
0
30178

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary, talyplary umumy bilim berýän orta mekdepleriň uçurym okuwçylary gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde institutyň taryhy, üstünlikleri, bu ýerde okadylýan hünärler barada fotosuratlara, gyzykly wideoşekillere we gysga filmlere tomaşa edildi. Mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebi barada institutyň mugallymlary we talyplary tarapyndan maglumatlar berildi.

Mekdep okuwçylary institutyň baş binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide kafedralaryň alyp barýan işleri, institutyň talyplarynyň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar.

Ýokary okuw mekdebinde geçirilen «Açyk gapylar» güni mekdep okuwçylarynda instituta bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň