Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-de Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi

12:5330.03.2023
0
48388

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklarynyň ikinji tapgyrynda Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi.

«B» toparçanyň çägindäki duşuşyk türkmen ýygyndysynyň 19:15 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýygyndy indi duşuşygyny toparçanyň lideri Täze Zelandiýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Häzir Täze Zelandiýada 41, Koreýa Respublikasynda 28, Türkmenistanda 27, Tongada bolsa 25 utuk bar.

Türkmenistan ― Täze Zelandiýa duşuşygy Aşgabat wagty bilen 16:45-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň