Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine bagyşlanan brifingde bu täze şäheri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Sagdyn şäherler» taslamasynyň ulgamyna goşmak pikiri orta atyldy.
Teklip BSGG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýegor Zaýtsew tarapyndan öňe sürüldi. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň dünýäniň «Sagdyn şäheri» bolmak üçin uly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
— Brifingiň dowamynda men Arkadag şäherini BSGG-niň «Sagdyn şäherler» taslamasynyň ulgamyna goşmagy teklip etdim. Ol dürli şäherleriň özara aragatnaşyk saklap, duşuşyklary gurap, tejribe alşyp, şäherde sagdynlygy we sporty nädip has hem ösdürip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşyp bolýan dünýä klubudyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynda şunuň bilen bagly paýlaşyp boljak pikirler, mysal üçin, ýol howpsuzlygyny guramak pikiri ulanylandyr diýip pikir edýärin. Arkadag şäherinde welosiped sporty bilen meşgullanmak ýa-da işe welosipedli gatnamak üçin mümkinçilik bolar diýip pikir edýärin, bu diýseň gowy ahyryn!» diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde Zaýtsewiň sözleri getirilýär.
Öň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine bagyşlanan brifingiň geçirilendigini habar beripdik.