Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilçi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurdy

10:2225.03.2023
0
35330

Ilçi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna ynanç hatyny gowşurdy.

Ynanç hatyny gowşurmak bilen bagly dabaradan soňra iki döwletiň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, ikitaraplaýyn we köptaeaplaýyn gatnaşyklar, hususan-da, Türkmenistan — ÝB, ÝB — Merkezi Aziýa platformalarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada we sebitiň howpsuzlygy bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Türkmen diplomaty Lýuksemburgyň Beýik Gersogyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we ýurduň Hökümetiniň özara gyzyklanýan ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ilçi türkmen-lýuksemburg hyzmatdaşlygyny täze derejede ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyryp, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri ýola goýmak boýunça işleriň başlandygyny belläp geçdi.

Lýuksemburgyň Beýik Gersogy aýdylanlary makullap, taraplaryň birek-birek hakda has köp zat öwrenmelidigine ünsi çekdi.

Iki döwletiň hem syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda gowy başlangyçlarynyň bardygy bellenildi.

Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Anri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy umumy tagallalary, ýagny metanyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýän syýasatyny doly goldaýandygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, jan başyna düşýän jemi içerki önüm boýunça Lýuksemburg dünýäde birinji ýerde durýar. Iň netijeli iş alyp barýan ýurtlaryň sanawynda bolsa Lýuksemburg üçünji orny eýeleýär. Bu ýurt dünýädäki iň uly maliýe we işewürlik merkezleriniň biridir.

2022-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistan we Lýuksemburg diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň