Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
— Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtaýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ýollan gutlag hatynda Pakistan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar arkaly baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.