Dragon Oil 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda türkmen nebitiniň eksportyny artdyrdy

18:0817.07.2015
0
5054

Esasy işlerini Hazaryň türkmen böleginde alyp barýan Gragon Oil kompaniýasy (BAE, Beýik Britaniýa) 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda bu çig maly eksport etmegi 10,2 million barrele çenli artdyrdy. Bir ýyl mundan ozal bu görkeziji 5,9 million barrele barabardy diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Habarda aýdylyşy ýaly, nebit eksportynyň 87 göterimi Bakuwyň portunyň, galan bölegi bolsa Mahaçkalanyň üsti bilen amala aşyryldy.

Hasabat döwründe orta hasap bilen gündelik nebit öndürilişi geçen ýylyň şu wagtynda 73,44 barrel bolanlygyndan 92,06 barrele baryp ýetdi.

Türkmenistanyň hökümeti bilen önümi bölüşmegiň binýatlyk ylalaşygyna 1999-njy ýylda gol çekildi.

Kompaniýa Londonyň we Dubliniň gaznalyk biržalarynda hasaba alyndy. Öz esasy işini günorta-Hazar suw giňişliginiň Gündogar böleginde, ylalaşykly “Çeleken” çäginde alyp barýar. Şertnamalaýyn çägiň umumy ýataklaryny öz içine alýan 950 kwadrat kilometre barabardyr.

Taslama durmuşa geçirilip başlaly bäri täze skwažinalaryň onlarçasy işe girizildi, deňiz platformalarynyň birnäçesi täzeden abatlanyldy we guruldy, turba geçirijileriň onlarça kilometri çekildi, eksportyň mümkinçilikleri giňeldildi, goşmaça nebit saklaýjylar guruldy, birbada iki tankeri boşatmak mümkin boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň