Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde bolar

14:3513.03.2023
0
39921

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşdirildi.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş sapary wagtynda habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşi baradaky meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugy ýazýar.

2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň