Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki ýertitremesinde ejir çekenler üçin Türkmenistandan 3 milliondan gowrak türk lirasy bagyş edildi

12:3110.03.2023
0
24734

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýertitremesinde ejir çekenler üçin Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlary tarapyndan 3 milliondan gowrak türk lirasy berildi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral şu ​​gün ýaýradylan türk diplomatik gullugynyň metbugat beýanatyna görä habar berdi.

Türkiýäniň ilçisi Togan Oral metbugat wekillerine ýüzlenip, Türkmenistan tarapyndan betbagtçylyk sebitine iberilen ynsanperwerlik kömeginiň alynmagy we paýlanyşy barada çykyş etdi. 6-njy fewralda Türkiýede uly ýertitremesiniň bolandygyny bellän Oral türk döwletiniň we halkynyň bu betbagtçylykdan alan ýaralaryny bejermek üçin uly tagalla edýändigini aýtdy.

Togan Oral: «Türkiýe öz döwleti we halky bilen bilelikde bolup geçen bu betbagtçylygy ýeňip geçmek üçin iş alyp barýar» diýdi.

Türkmenistan doganlyk Türkiýä goldaw beren ilkinji ýurtlaryň biri boldy.

— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ilçihanamyza baryp, öz adyndan we döwlet Baştutany jenap Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň Prezidentine, halkymyza gynanç bildirdi. Şeýle hem ilçihanamyzda açan gynançlar kitabynda ýazgy galdyrdy we Türkmenistanyň baş müftüsi bilen bilelikde aradan çykanlar üçin doga etdik — diýip, ilçi aýtdy.

Togan Oral Türkmenistanyň betbagtçylyk sebitine iberen ynsanperwerlik kömegi barada durup geçip, 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda Gaziantep şäherine 7 lukman we 3 lukmançylyk işgäriniň, şeýle hem 30 tonna derman we lukmançylyk enjamlarynyň iberilendigini, 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan ýertitremesinde ejir çekenlere umumy agramy 92 tonna bolan çagalar üçin dermanlar, egin-eşikler we beýleki zerur zatlaryň iberilendigini belledi.

Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen utgaşdyrylmagynda 7 çadyr, 6 ykjam hajathana kabinasy, 60 gyzdyryjy, 20 generator, 667 krowat, 6835 ýorgan we ýene 23,45 tonna ynsanperwerlik kömegini, şol sanda «Turkish Airlines»-iň uçary tarapyndan we türkmen logistika kompaniýalary tarapyndan ýük awtoulaglarynda arassaçylyk önümlerini, egin-eşik we iýmit önümlerini iberdi.

Oral: «3 milliondan gowrak türk lirasy biziň ilçihanamyz tarapyndan açylan bank hasabyna, Türkmenistanyň raýatlary we öz raýatlarymyz tarapyndan berildi» diýdi.

Bu işde Türkmenistanyň öz döwleti we halky bilen doganlyk raýdaşlygyny görkezendigini bellän Togan Oral:

«Hökümetimiziň, döwletimiziň we halkymyzyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, doganlyk türkmen halkyna, döwlet edaralaryna we birleşiklerine, hususy kompaniýalara, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda ýaşaýan raýatlarymyza, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna, olaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlygymy bildiresim gelýär» diýdi.

6-njy fewralda Türkiýede 7,7 ball ululykda ýertitremesi bolup geçdi. Bu betbagtçylyk hadysasy Siriýa-da täsir etdi. Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenleriň sany 46,1 müňden geçdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bu betbagtçylygy ýurduň taryhynda iň uly weýrançylykly waka diýip atlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň