Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

14:5908.03.2023
0
22180

Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

7-nji martda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar «2022-nji ýylda Türkmenistanda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellediler.

2023-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň we MHG-nyň bilelikdäki taslamalaryny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Adam söwdasyna garşy göreş we migrantlara kömek, şeýle-de tehniki hyzmatdaşlyk hem-de serhet dolandyryşy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Mundan başga-da, duşuşykda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň