Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň Sport-ulag merkezinde täze sport ulagyny synagdan geçirdi, «Türkmenistan» Moskwadan Aşgabada awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy we beýleki habarlar

11:4007.03.2023
0
38505

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan sport ulaglaryny synagdan geçirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Sport-ulag merkezinde sport ulaglarynyň birinde ýörite meýdançada birnäçe aýlaw edip, ulagyň tehniki häsiýetnamalary we tizlik aýratynlyklary bilen tanyşdy.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agenti Moskwadan Aşgabada uçuş petekleriniň bahasynyň arzanladylýandygyny yglan etdi. Mysal üçin, mart aýynda Moskwadan Aşgabada syýahat etmek üçin petegiň bahasy 24,313 rubldan başlanýar. Ozal fewral aýynda bir taraplaýyn petekler 29,775 rubldan satylýardy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ähli uçuşlary üçin awiapetekleri RF-däki Baş agentiniň resmi saýtynda, şeýle hem Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky agentligiň satuw bölümlerinde satyn almak mümkindir.

3. «Ýandeks» Akademiýasynda hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary rus kompaniýasynyň tomusky mekdebine uzak aralykdan seçip almak işlerine gatnaşyp bilerler. Şu ýylyň tomsunda Russiýanyň IT ägirdi öz Akademiýasynyň çäklerinde talyplar we işe täze başlan hünärmenler üçin dört sany mekdebi işe girizer. Mekdepde bilim bermeklik mugt alnyp barylýar, seçip almak işleri bäsleşik esasynda geçirilýär. Häzirden arza bermek mümkindir. Iň ökde talyplar kompaniýada hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçmäge ýa-da işe çagyrylyp bilner. Mekdebe girmek üçin arza bermeli we 15-nji marta çenli iberiljek test synagy boýunça bäsleşikli saýlawlardan geçmeli. Okuwlar tomsuň başynda başlanar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşylan şertnamalar esasynda gurulýan binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

5. «Türkmenistan» awiakompaniýasy «Saudi Ground Services» saud kompaniýasy bilen ýerüsti hyzmatlar hakynda ylalaşygyň möhletini uzaltdy. Ylalaşykda awiakompaniýanyň 2028-nji ýyla çenli Patyşa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziline we Şazada Muhammed bin Abdul-Aziz adyndaky halkara howa menziline uçuşlary amala aşyrjakdygy göz öňünde tutulýar.

Dünýäde

6. Hytaýyň gysga wideolar hyzmaty «TikTok» 18 ýaş derejesine çenli ulanyjylar üçin wideolara tomaşa etmegiň çäklendiriljekdigini yglan etdi. Çäklendiriş şeýle usulda hereket eder – wideolara 60 minut tomaşa edilenden soňra dowam etmek üçin enjamda giriş koduny girizmek talap ediler. Bu tertibi diňe ene-atalaryň razylygy bilen dolulygyna öçürmek mümkin bolar. «TikTok» – bu ulanyjylaryň gysga wideolary döredýän we olara tomaşa edýän sosial ulgamydyr. Bu ulgam Pekiniň «ByteDance» kompaniýasyna degişlidir.

7. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Siriýadaky ýertitremede kakasyny ýitiren oglanjyk bilen duşuşdy. Nabil Said atly oglanjyk sosial ulgamlarda özüniň futbol boýunça muşdagy bilen duşuşmaga isleg bildirdi. Bu barada maglumat Ronaldunyň özüne ýetdi, şeýlelikde ol Saidi Saud Arabystanynyň çempionatynyň duşuşygyna çagyrdy. Duşuşykdan soň «Al-Nasryň» ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykdan soň, Ronaldu oglanjygyň ýanyna bardy we onuň bilen gürleşdi.

Sport habarlary

8. Gonkongyň «Kitçi» toparynyň düzüminde çykyş edýän türkmen futbolçy Ruslan Mingazow Gonkongyň 23 ýaşa çenli toparyna garşy Kubok ugrundaky duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başardy. Mingazow toparyň esasy düzüminde meýdança çykdy we oýnuň 27-nji hem-de 65-nji minutlarynda derwezä dürs urgulary ýerine ýetirmegi başardy. Duşuşyk «Kitçiniň» peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy.

9. UEFA Çempionlar ligasynyň Stambulda geçiriljek final duşuşygynyň resmi pökgüsini tanyşdyrdy. Pökgi gök, ak we sary reňklerde taýýarlanan, ondaky çyzyklar bolsa Stambulyň medeni mirasyna hormaty aňladýar. Çempionlar ligasynyň häzirki çempionatynyň final duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Stambulyň Atatürk Olimpiýa stadionynda geçiriler. Çempionatyň duşuşyklaryna Türkmenistanda göni ýaýlymda «Matç TW» teleýaýlymynda we holdingiň degişli ýaýlymlarynda tomaşa etmek mümkindir.

10. Türkmenistanyň kibersport topary «Galkynysh Esport» «Dota 2» boýunça dünýä çempionatynyň sebitleýin saýlaw tapgyryna gatnaşar. «Galkynysh» 8 toparyň gatnaşmagynda milli çempionatda ýeňiji boldy. Dünýä çempionatyň Rumyniýanyň Ýassy şäherinde 24-nji awgustdan 4-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň