Aşgabat şäherindäki sergi merkezinde suratkeş Berdisähet Gurbansähedowyň 65 ýaş doglan güni mynasybetli şahsy sergisi açyldy.
Sergide suratkeşiň türkmen tebigatynyň gözelligini açyp görkezýän, şeýle-de gadymy taryhdan we medeniýetden söz açýan 80-e golaý döredijilik işi görkezildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, bu sergi Berdisähet Gurbansähedowyň üçünji sergisidir. Onuň birinji sergisi tomaşaçylary deňiz tolkunlarynyň üstünde aýlaw edýän durnalar, gaýalara urulýan tolkunlaryň ýeňiljek şemaly bilen geň galdyrypdy. Şonda onuň hakynda «Ilkinji türkmen deňizçi suratkeşi» diýilipdi. Ikinji şahsy sergisinde goýan suratlarynda Berdisähet Gurbansähedow sährany görkezdi, özi-de bütin ömrüni sährada ýaşan ýaly janly görkezdi. Onda sähranyň jandarlary: zemzenler, towşanlar, ýylanlar we ähli gözelligi bilen sähranyň özi bardy. Berdisähet haýwanlary we olaryň endiklerini jikme-jik takyk beýan etmek bilen, özüni tebigatçy hökmünde görkezdi.
Üçünji sergisisinde bolsa Berdisähet Gurbansähedow zehininiň köp taraplylygy bilen çykyş etdi. Ol öz işlerinde baý türkmen tebigatyny, gadymy taryhyny we medeniýetini wasp edýär.
Sergide suratkeşiň köp täsir galdyryjy eserleri bar. Olar «Dag ýaşaýjylary» üçlügi, «Durnalar», «Üç dost», «Arslan», «Leglekler», «Nusaý», «Awaza» we başgalardyr.