Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy bilen gepleşikler geçirdi, «Turkish Airlines» Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrar, Belarusyň söwda tekjelerinde Türkmenistandan getirilen pomidorlar peýda boldy we beýleki habarlar

11:0423.02.2023
0
33999

Türkmenistanda

1. Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ikiçäk duşuşygyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Bahreýniň Patyşasynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda 11 resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyk, deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda, demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda we umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk we beýlekiler bar.

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni gowşuryldy.

2. «Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Aşgabada howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Häzirki wagtda awiakompaniýa çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat şäherine uçuşlary amala aşyrýar, 24-nji martdan bolsa her gün uçup başlar. Petekler awiakompaniýanyň saýtynda satuwa çykaryldy. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuş meýilnamasy 23-nji martda bes ediler.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart, aprel, maý, iýun, iýul, awgust, sentýabr we oktýabr aýlary üçin Aşgabatdan halkara ugurlaryna awiapetekleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýty arkaly halkara uçuşlar üçin awiapetekler satyn alnanda 2,5% möçberinde arzanladyş göz öňünde tutulýar.

4. Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabadyň Görogly köçesinde ýerleşjek desganyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

5. Awtoulag arkaly Türkmenistandan Belarusa iberilen pomidorlaryň ilkinji tapgyry Minskdäki «Gippo» supermarketler zynjyrynyň tekjelerinde peýda boldy. Häzirki wagtda «Gippo» söwda zynjyrynyň Belarus döwletiniň ähli çäklerinde 27 sany häzirki zaman dükany bar. Olaryň hatarynda giň gerimli gipermarketler, supermarketler, jaýlaryň golaýynda amatly dükanlar bar.

Dünýäde

6. Täze Zelandiýaly bir adam planetanyň ähli ilatynyň arasynda iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Gregori Uotkins 1990-njy ýylyň ýazynda adyny üýtgetmek kararyna geldi we hasaba alynmak üçin Adalat ministrligine ýüz tutdy. Şeýlelik bilen, adamyň adynda familiýasyny goşmanyňda, takmynan, 2310 söz bar. Täze Zelandiýalynyň pikirine görä, ol rekord derejede uzyn adyň eýesi bolandygyna buýsanýar.

7. Ýaponiýanyň Sidzuoka etrabynyň Hamamasu şäherinde ýaşaýan zenan Ensýuhama plýažynda 1,5 metr diametri bolan şübheli demir şar tapdy. Häzirki wagtda bu şar hünärmenler tarapyndan barlanylýar. Şeýle hem şaryň fotosuratlary Ýaponiýanyň Goranyş Güýçleriniň we kenarýaka goragynyň hünärmenlerine iberildi. Çap edilen fotosuratlarda şaryň sarymtyl gaýmak reňkli tekiz ýüzüniň we belki-de, pos sebäpli dörän goňur tegmilleriniň bardygyny görmek bolýar.

Sport habarlary

8. «Leýpsig» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda öz meýdançasynda «Mançester Siti» bilen deňme-deň oýnady. 27-nji minutda «Mançester Sitiniň» düzüminden Riýad Marez pökgini derwezä girizdi, ýer eýelerinden goragçy Ýoşko Gwardiol 70-nji minutda hasaby deňledi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

9. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda Milanyň «Inter» topary öz meýdançasynda «Portony» ýeňdi. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy, milanlylaryň düzüminde Romelu Lukaku 86-njy minutda ýeňiş goluny saldy. Portugaliýanyň topary 78-nji minutda ýarymgoragçy Otawionyň meýdançadan çykarylmagyndan soň san boýunça azlyk bilen oýnady.

10. Şri-Lankada 15 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda türkmen tennisçileri bürünç medallara mynasyp boldular.

11. Türkmen türgenleri şu ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Daşkende geçiriljek dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Türkmenistandan 14 türgen 48 ýurtdan gelen toparlar bilen birlikde Pariž-2024 Olimpiadasyna barýan ýolda medallar we reýting utuklary ugrunda bäsleşerler. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 154 müň ýewro deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň