Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasy gurlar

09:3422.02.2023
0
26899

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň