Manamada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda gepleşikler geçirilýär

16:3422.02.2023
0
47620
Manamada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň arasynda gepleşikler geçirilýär
Surat: Türkmenmetbugat

Ozal habar berşimiz ýaly, Bahreýniň paýtagty Manamada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler başlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň