Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL 1/8 final: «Inter» Lukakunyň ýeke-täk goly bilen «Portuny» ýeňdi

09:2523.02.2023
0
25184

Italiýanyň «Inter» kluby ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda öz öýünde «Portuny» ýeňlişe sezewar etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, bu duşuşyk Türkmenistanyň çäginde «Futbol 1» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi.

Oýun 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. «Interiň» ýeke-täk goluna 86-njy minutda Romelu Lukaku awtorlyk etdi.

Ýeri gelende, 78-nji minutda Edmilson Otawionyň meýdançadan kowulmagy netijesinde portugal toparynyň bir oýunçy azlykda galandygyny bellemek gerek.

Bu klublaryň arasyndaky jogap oýny 14-nji martda «Portunyň» meýdançasynda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň