Ýaponiýanyň Sidzuoka prefekturasynyň Ensýuhama kenarýakasynda diametri 1,5 metr bolan şübheli demir şar tapyldy diýip, «Daiichi TV» teleýaýlymy habar berdi. Şary ýerli ýaşaýjylaryň biri Hamamasu şäheriniň Suboi etrabyndaky suwa düşülýän ýerden tapdy we polisiýa habar berdi.
Polisiýa suwa düşülýän kenary berk gözegçilik astyna aldy. Häzirki wagtda demir şar hünärmenler tarapyndan öwrenilýär. Şaryň fotosuraty harby hünärmenlere hem ýollanyldy diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.