Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Çehiýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

21:4914.02.2023
0
30854

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilekden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanylandygy üçin hoşallyk bildirip, öz adyndan we öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda Çehiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin belent mertebedigini belledi.

Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklar, şol sanda halkara derejede, abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesinde özara hereket etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklaryň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň