BAE-niň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, duşuşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň Türkmenistan bilen özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýdyp, bu gezekki saparyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine BAE-de tüýs ýürekden guwanylýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirliklerine Türkmenistanda geljegi uly bolan hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda BAE-niň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, türkmen döwletiniň bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürýän täze kuwwatlyklary işe girizmegi maksat edinýän şertlerinde munuň uly ähmiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.