Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy agşam BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Abu-Dabä resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň paýtagt şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly metjitleriň biri hasaplanýan Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi. Şeýle-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen, adaty endigine eýerip, irki maşklary ýerine ýetirdi hem-de Abu-Dabide aýlagyň ajaýyp kenarynyň ugry bilen gezelenç edip, daş-töweregiň gözelliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerdäki ajaýyp kenar boýunça welosipedli gezelenç etdi. Soňra bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýlagyň kenarynda wise-premýerler R.Meredow hem-de A.Begliýew bilen çaý başynda söhbet etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary bu ýerde iri energetika kompaniýalarynyň we Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, degişli resminamalara gol çekdiler.
Has takygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Daşary-ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň müftüsi we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygy ynanylan «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni Abu-Dabidäki Şeýh Zaýed metjidiniň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Şeýle-de okaň: