Şu gün — Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen, adaty endigine eýerip, irki maşklary ýerine ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabide säher bilen gezelenç etmegiň dowamynda daş-töweregiň gözelligini, bu künjegiň ekologiýa derejesini synlady we Türkmenistanda hem dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň emele gelen ýeri bolan Awazada syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
BAE-niň paýtagty Abu-Dabide aýlagyň ajaýyp kenarynyň ugry bilen gezelenç edip barşyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallarynyň, döredilen gök zolaklaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň özboluşly gözelligini synlady. Şeýle-de gezelenjiň dowamynda aýlagyň çäginde duran gämileri synlady. Bu ýerde dürli görnüşli gämileriň köp sanlysy bolup, olar kenarda dynç alýanlara we gezelenç edýänlere degişli hyzmatlary hödürleýärler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, dürli görnüşli gämileriň sanyny köpeltmegiň, şunlukda, adamlara balyk tutmak, deňizde gezelenç etmek, deňiz giňişliklerine aralaşmak bilen bagly hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki ajaýyp kenar boýunça welosipedli gezelenç etdi hem-de gezelenjiň barşynda bu töweregiň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri aýlagyň kenarynda dynç alýanlaryň düýeli gezelenç etmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen hem tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow hem-de A.Begliýew bilen aýlagyň kenarynda çaý başynda söhbet etdi. Bu ýerde tebigy we bag-seýilgäh gözelligi babatda öňdebaryjy gazanylanlar hem-de iň gowy dünýä tejribesi ulanylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu barada aýdyp, BAE-niň syýahatçylygy ösdürmek boýunça toplan tejribesini öwrenmegiň ähmiýetli boljakdygyny belledi. Şeýle-de şypahana ulgamy we syýahatçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň maýa goýum binýadyny pugtalandyrmak, şol bir wagtyň özünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dürli maksatly binalaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.