Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri başlandy

21:1512.02.2023
0
23808

12-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de bu ýurduň artistleriniň konserti boldy.

Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Eýranyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeliriniň wekilleri, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary hem bar.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales şu medeni çäräniň dostluk gatnaşyklarynyň, özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň gadymy taryhyna eýe bolan eýran-türkmen halklarynyň ynanyşmaga esaslanan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, «Kormanj» we «Ronak» belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi.

Dostlukly ýurduň artistleriniň konserti şu gün — 13-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hem geçiriler.

Şeýle-de şu gün EYR-nyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary Eýranyň meşhur suratkeşleriniň eserlerini, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň – kalligraflarynyň, miniatýuraçylarynyň, halyçylarynyň, agaçdan nepis şekilleri döredijileriň işleri bilen tanşyp bilerler.

Sergide eýran şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän ajaýyp miniatýuralar, elde dokalan ýüpek halylar, özboluşly oýnawaçlar, deriden we agaçdan ýasalan owadan şekiller, kalligrafiýa sungatynyň nusgalary, reňk arkaly ýazgylar, milli egin-eşikler, dürli sowgatlyk önümler hem-de beýlekiler görkezilýär. Şeýle hem sergä gelenler eýran aşhanasynyň tagamlaryndan dadyp bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik duşuşyklary hem-de ussatlyk sapaklary geçiriler.

Kino sungatynyň janköýerlerine 13-14-nji fewralda «Aşgabat» kinokonsert merkezinde eýranly kinematografçy bilen duşuşyk garaşýar. Şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen kinofilmler görkeziler.

EYR-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen meýilleşdirilen duşuşyklarynyň dowamynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde jemlener. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar.

Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Aşgabatda muzeýleriň gymmatlyklary hem-de paýtagtyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň