Soňky habarlar

Arhiw

Mahaçew UFC-de bassyr 12-nji ýeňşini gazandy

12:4512.02.2023
0
41600

Aşgabat wagty bilen şu gün irden Awstraliýanyň Pert şäherinde UFC 284 söweş agşamy geçirildi. Söweş agşamynyň merkezi tutluşygynda russiýaly Islam Mahaçew awstraliýaly Aleks Wolkanowski bilen güýç synanyşdy. Bu gapma-garşylyk doly 5 raund dowam edip, ýeňiji eminleriň gelen netijesi esasynda kesgitlenildi. Oňa laýyklykda, eminleriň biragyzdan kabul eden kararlary boýunça Islam Mahaçew ýeňiji boldy. Bu ýeňiş arkaly Islam Mahaçew özüne degişli bolan ýeňil agramdaky çempionlyk guşagyny üstünlikli goramagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, Mahaçew bassyr ýeňişleriniň sanyny 12-ä ýetirip, bu ugurdaky rekorda şärik boldy. Şu gün Mahaçewden asgyn gelip, UFC-däki ilkinji ýeňlişini boýun almaga mejbur bolan Wolkanowskiniň hasabynda hem bassyr gazanylan 12 ýeňiş bar. Şeýlelikde, Mahaçew indiki tutluşygynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda bu ugurdaky rekordy öz adyna geçirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň