Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abu-Dabä resmi sapary başlandy

12:4311.02.2023
0
60074

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen, ösüşiň täze gözýetimlerini açar. Şol sanda iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny has-da öňe ilerletmekde möhüm ädim bolar.

Saparyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem-de degişli resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hem şu ýylyň 13 – 15-nji fewralynda Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşar. Bu sammite 20 döwletiň Hökümet baştutanlarynyň, 250-den gowrak ministriň we 10 müňden gowrak döwlet işgäriniň, şeýle-de halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň