Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-de geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşar

22:0608.02.2023
0
26045

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2023-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda Dubaýda (BAE) geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşar. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, sammite 20 döwletiň Hökümet baştutanlarynyň, 250-den gowrak ministriň we 10 müňden gowrak döwlet işgäriniň, bilermenler we beýleki häkimiýet wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň