Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Emirlikleriň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.
Ozal Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň şu ýylyň 13 – 15-nji fewralynda Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşjakdygy barada habar beripdik. Bu sammite 20 döwletiň Hökümet baştutanlarynyň, 250-den gowrak ministriň we 10 müňden gowrak döwlet işgäriniň, şeýle-de halkara bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.