Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5706.02.2023
0
37486
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerdäki ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, ýagny sürmek we tekizlemek işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň möwsüme taýýarlanylýandygy, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada-da habar berildi.

Şeýle-de häkimler obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi sebitiň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymynyň alnyşy, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän akabalary we ýaplary arassalamak işleriniň barşy, Mary welaýatynyň häkimi-de suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak, hususan-da, suw howdanlaryny we akabalary arassalamak boýunça durmuşa geçirilýän degişli işler barada aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň, şol sanda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardyr binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda-da häkimlere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimine ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň gözegçilikde saklanmagy babatda-da görkezmeler berildi.

Soňra Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe söz berildi. Ministr ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksadynda, şu günler pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýar etmek, bu işleriň depginlerini güýçlendirmek, ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany häkimlere ýüzlenip, welaýatlaryň medeni-durmuş maksatly binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň hem-de ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, şeýle-de obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly işiniň möhüm şerti bolan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berip, iş maslahatyny jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň