Antalýada Türki halklaryň däp bolan sport görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary başlandy

09:3303.02.2023
0
15993
Antalýada Türki halklaryň däp bolan sport görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary başlandy
Surat: sport.kg

Türkiýäniň Antalýa ülkesinde ilkinji gezek «Ýewraziýanyň Kubogy» diýen at bilen togyz kumalak, asyk, atu we türk mangala oýunlary boýunça halkara ýaryşlary geçirilýär diýip, «Inform.kz» habar berýär.

Ýaryşlar dürli türki halklaryň birmeňzeş oýunlary boýunça guraldy, olaryň ählisi-de küşt oýny ýaly öz aralarynda meňzeşdir.

Mysal üçin, türk mangalasy türk halkynyň paýhas oýnudyr, ol edil togyz kumalak oýny ýaly iki adam tarapyndan oýnalýar.

Ýaryşlara Gazagystandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Çehiýadan, Rumyniýadan we ABŞ-dan bolan türgenler gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň