Awstraliýanyň futbol ýygyndysynyň merkezi goragçysy Harri Suttar «Stok Sitiden» «Lester Sitä» geçdi. Bu barada «Sport-Ekspress» habar berýär.
24 ýaşly futbolçy «tilkilere» 17 million ýewro düşdi. Onuň bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Suttar «Stok Sitiniň» düzüminde Çempionşipde 7 duşuşyk geçirdi.
Şotlandiýada doglan Suttar karýerasyna 2015-nji ýylda «Dandi Ýunaýtedde» başlady. Bir ýyldan soň ol eýýäm «Stok Sitiniň» goragçysy boldy. Ýöne «Stokyň» esasy düzümine biraz soňrak giren goragçy «Ross Kaunti» we «Flitwud Taun» toparlarynda kärendede çykyş etdi.
Suttar kiçikä Şotlandiýanyň ýaşlar ýygyndysynda çykyş eden hem bolsa, awstraliýaly ejesi onuň 2019-njy ýylda öz döwletiniň milli ýygyndysyny saýlamagyna sebäp boldy. Awstraliýanyň milli ýygyndysynda 14 duşuşyk geçiren Suttar olarda 6 gezek tapawutlandy we Dünýä çempionaty ― 2022-de 1/8 finala çenli çykdy.