Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5930.01.2023
0
36214
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerdäki ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylýandygy hem-de gözden geçirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada-da habar berildi.

Häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynda we medeni-durmuş maksatly binalarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hem habar berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talapdygyna we bol hasylyň binýadydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany welaýatlarda gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamagyň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň medeni-durmuş maksatly binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardyr binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda-da häkimlere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe söz berildi. Ministr ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri taýýarlamak, hususan-da, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksadynda, şu günler pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de şu ýyl gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýar etmek, bu işleriň depginlerini güýçlendirmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini guramak babatda anyk tabşyryklary berdi we iş maslahatyny jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň