Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ýylyň gümrük nokady» atly bäsleşigiň jemi jemlendi

15:3030.01.2023
0
51664

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Harby gullukçylaryň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Göreldeli gümrük işgäri» hem-de «Ýylyň gümrük nokady» atly bäsleşikleriň jemleri jemlendi.

Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde, iş aýratynlygyna we tertibine görä ýokary netijeleri görkezip, gulluk işlerini ýerine ýetirmekde saýlanan Ahal welaýat gümrükhanasynyň Artyk awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Artyk» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi.

Gullugyň hukuk tertibini we kanunçylygyny berkitmäge we kämilleşdirmäge goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen netijeleri boýunça öňdebaryjy harby gullukçylar «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip saýlandy. Bu barada gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň