Soňky habarlar

Arhiw

Wintershall “Türk akymynyň” gurluşygyna gatnaşmakçy däl

09:4021.06.2015
0
2946

“Demirgazyk akymyň” aksioneri Germaniýanyň wintershally “Türk akymy” gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmakçy däl diýip, kompaniýanyň prawleniýesiniň başlygy Mario Meren RIA Nowostä beýanat etdi.

“Ýok, biz “Türk akymynyň” işine gatnaşmagy meýilleşdiremzok” diýip, Meren aýtdy.

“Türk akymy” Russiýadan Gara deňziň üsti bilen Türkiýe ugry boýunça ýylda 63 milliard kubometr gaz iberijilik kuwwaty bolan gaz geçirijisini gurmagy göz öňünde tutýar. Türkiýe bilen Gresiýanyň serhedinde gaz hapyny döretmek bellenilýär, EB-niň ýurtlary bolsa öz çäklerinde gazulag kuwwatlyklaryny kabul edip, özbaşdak ýerläp bilerler.

Ýewropa ýurtlaryndan diňe Gresiýa “Türk akymyndan” gurluşygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.

PRAÝM

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň