Şu gün, 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, 2020-2023 ýyllarda bilim alan talyplaryň soňky jaň dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda orta hünär okuw mekdebinde has ýokary netijelere eýe bolan we tapawutlanan talyplara Hormat hatlary gowşuryldy. Soňra dabara orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly, folklor we degişme çykyşlary bilen dowam etdi.
Bu ýerde çykyş edenler talyp ýaşlaryň kämil bilim almagy, täzeçil tehnologiýalardan baş alyp çykmagy, täze pikirleri we çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmagy üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Okuwy tamamlan uçurymlar häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda giňden ulanylýan täze tehnologiýalary özleşdirmek bilen innowasiýalara esaslanýan täzeçil çözgütleri işläp düzüp, ýurduň abraýyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.