Soňky habarlar

Arhiw

«Mega Teknik» haryt nyşanynyň Türkmenistandaky wekili hammam otaglary üçin dürli mebel görnüşlerini we santehnika önümlerini hödürleýär

10:4321.01.2023
0
55180

«Mega Teknik» türk haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi wekili Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hammam otaglary üçin dürli mebel görnüşleri we santehnika önümleri bilen tanyşmagy teklip edýär.

Dükanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda – suw gyzdyryjy enjamlar, berk girelge gapylary, tumboçkalar, aýnalar we aýna tekjeler, şeýle hem kranlar we duş toplumlary bar. «Mega Teknik» hojalyk santehnikalary gurluşlaryň berkligini we uzak ömürliligini üpjün edýän ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar.

Mundan başga-da, dükanda keramikadan ýasalan wannalaryň, rakowinalaryň, bideleriň we unitazlaryň dürli nusgalary hödürlenýär.

Keramikadan taýýarlanan santehnikalaryň birnäçe aýratynlyklary bar. Olar uly basyşlara çydamlydyr, ýeňil arassalanýarlar we özüne çekiji keşbe eýedirler.

Alyjynyň islegi boýunça Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmatynyň ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek, şeýle hem beýleki welaýatlara-da eltip bermek hyzmaty bardyr.

Santehnika we gurluşyk materiallarynyň dükany Aşgabadyň halkalaýyn awtogeçelgesiniň ugrunda, Gümrük terminalynyň golaýyndaky «Aýdyn mekan» söwda merkezinde ýerleşýär.

Şeýle hem Balkanabatda şahamçasy hereket edýär (6-njy ýaşaýyş toplumy, täze söwda merkezi). Sosial ulgamlardaky sahypasy. Telefon: (+993 62) 82 41 08 (IMO).

Aşgabatdaky santehnika we hammam uçin mebel dükanyndan fotoreportaž

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň