Soňky habarlar

Arhiw

Mişustin: – Türkmen telekçileri rus bazaryndan çykarylan kompaniýalaryň ýerini eýeläp bilerler

22:1519.01.2023
0
45342

Habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmen-rus işewürler forumy geçirildi. Forumyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Miahail Mişutsin çykyş etdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, M.Mişustin öz çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň ykydsady ösüşi, şeýle-de türkmen işewürleriniň rus bazaryna çykmagy üçin dörediljek amaly mümkinçilikler barada belläp geçdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Russiýanyň ykdysady taýdan ösüşi we jemi içerki önümiň möçberi Ýewropa ýurtlarynyň içinde örän ýokarydyr. Munuň özi käbir Günbatar ýurtlarynyň garaşýan netijesinden we rus bazaryna berýän çaklamasyndan düýpli tapawutlanýar.

M.Mişustiniň bellemegine görä,

– Russiýanyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin maliýe we bank ulgamlarynyň, umuman, ykdysadyýetiň durnukly ýagdaýdadygyny aýtdy. Türkmenistan bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary häzirki wagtda takmynan 1 milliard dollar derejesinde. Ykdysady hyzmatdaşlyk üçin häzirki wagtda iki tarapda baý mümkinçilikler bar. Özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek üçin bilelikdäki işiň depginini güýçlendirmek zerur bolup durýar.

Ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen türkmen telekeçileri Russiýanyň bazaryndan çykarylan birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýerlerini eýeläp bilerler.

Russiýanyň Hökümet başlygy öz çykyşynda diňe harytlaryň akymyny köpeltmek bilen çäklenmän, bilelikdäki kärhanalary döretmek, häzirki zaman senagat, energetika we ulag desgalaryny gurmak barada hem iş alyp barmaga ýeterlik mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň