Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel kärhanasy müşderileri dükanyna baryp görmäge çagyrýar

10:4516.01.2023
0
34081

Mebel önümçiligini alyp barýan «Aýbölek» kärhanasy türkmenistanlylary Aşgabatda ýerleşýän dükanyna çagyrýar.

Dükanda köpdürli haryt görnüşlerinde «Aýbölek» mebel kärhanasynda öndürilen mebeller alyjylara ýetirilýär.

Kärhananyň önümleriniň hatarynda öýler we ofisler üçin niýetlenen mebel toplumlarynyň, ýagny stullaryň, stollaryň, şeýle hem köp funksiýaly şkaflaryň dürli görnüşleri bar. Bu bolsa öý ýa-da ofis şertlerinde has oňaýly gurşawy döretmäge giňden ýardam edýär. Şeýle-de kärhanada özbaşdak islegler esasynda, bellenen ölçegler boýunça ýumşak we göwrümli mebeller, aşhana garnituralary we beýleki zerur mebeller ýasalyp berilýär.

«Aýbölek» kärhanasynyň önümleri halkara sertifikatlaşdyrma guramalary tarapyndan hem tassyklanandyr. Sebäbi bu ýerde mebeller diňe metal, DSP, MDF hem-de berk plastik ýaly ekologik arassa we uzakmöhletleýin materiallardan taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, mebel kärhanasy original dizaýny we formasy taýdan tapawutly bolan ýer hem-de diwar aýnalary öndürmäge ýöriteleşendir. Munda müşderileriň isleglerini nazarda tutup, aýnalara bezeg, şekil we grawirleme hem ýerleşdirip bolar.

Şular bilen birlikde, dükanda türk mebel öndürijileriniň önümleri — myhman we ýatylýan otaglar üçin mebeller, aşhana garnituralary, žurnal stoljyklary, kreslolar, diwanlar we beýlekiler hödürlenýär.

Öňdebaryjy mebel kärhanasynyň täze önümleri bilen tanyşmak, şeýle-de onuň dükanyndan islendik interýere laýyk gelýän mebelleri sargyt etmek üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: +99312470103, +99312470104.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň