Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Fransiýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar

14:2613.01.2023
0
29167

Fransiýanyň Söwda palatasynyň başlangyjy bilen öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda günortanlyk naharynyň başynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga «VINCI Construction», «CARPI Tech», «MEDEF International», «SAFRAN», «PMJC», «CIS Energy», «IN Groupe», «Thomson Broadcast», «Oberthur», «Airbus D&S», «Saberatours» ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk oňa gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen köp sanly meseläni, şeýle hem ösüşi üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň ilçisi Maksat Çaryýew, fransuz tarapyna Türkmenistanda döredilen amatly şertler barada maglumat berdi we maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy teklip etdi. Maýa goýum ugurlary üçin himiýa senagaty, gaz we nebithimiýa, dokma senagaty we oba hojalygy ýaly ugurlar teklip edilýär. Şeýle hem ilçi daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirmek üçin meýilleşdirilýän taslamalary anyk kesgitleýän pudaklaýyn ösüş maksatnamalary barada aýtdy.

Ilçi Türkmenistanyň çäginde türkmen kompaniýalary, şol sanda IT kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi.

Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň wekili S.Berdiýew ýygnananlara Türkmenistanda eksport we import şertnamalaryny hasaba almagyň tertibi barada gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda fransuz işewürleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna giňişleýin jogap aldylar.

Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, günortanlyk naharynyň başynda fransuz telekeçileri bilen hemişelik gepleşik gurmak üçin şeýle çäreleri geçirmegi yzygiderli dowam etdirmek kararyna gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň