Soňky habarlar

Arhiw

Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine kimler girer?

22:4111.01.2023
0
35527

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Maslahatda eden çykyşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi, şeýle-de ýurtda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşini (Parlamenti) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmegi teklip etdi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;
  • Türkmenistanyň Prezidenti;
  • Mejlisiň Başlygy;
  • Ýokary kazyýetiň başlygy;
  • Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary;
  • Mejlisiň deputatlary;
  • Ministrler Kabinetiniň agzalary;
  • Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy;
  • Baş prokuror;
  • adalat ministri;
  • welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;
  • welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary;
  • etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary;
  • syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary;
  • welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry boljakdygyny nygtady.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň