Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy. Duşuşykda ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik missiýasynyň dowamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny has-da giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Söhbetdeşlikde R.Meredow Gyrgyzystanyň ilçisini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn sapar görnüşinde-de, köptaraplaýyn platformalaryň çäginde-de aragatnaşyklary iň ýokary derejede saklamagyň möhümdigini aýtdylar.
Diplomatlar şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemeginiň maksadalaýykdygyny bellediler.