Garet Beýl karýerasyny ýapdy

11:2610.01.2023
0
29865

«Uzak wagtlap oýlanyp, milli ýygyndydaky we klublardaky futbol ýoluma nokat goýmak kararyna geldim. Göwün bilen sport görnüşim bilen meşgullanyp, arzuwlaryma ýetendigim üçin men juda şat. Indi bolsa durmuşymda täze sahypa açmak isleýärin. Täze başdangeçirmeleriň we özgerişlikleriň wagty geldi» diýip, 33 ýaşly futbolçy aýtdy.

Beýliň soňky topary «Lon-Anjeles» boldy. Ol «Realdaky» 9 ýyllyk karýerasyndan soň geçen ýyl ABŞ-yň toparyna geçdi. Garet Madrid şäheriniň kluby bilen 5 gezek Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol «Sauthempton» we «Tottenhem» toparlarynda hem futbol oýnady.

Garet Beýlik 64 ýyllyk arakesmeden soň Uelsiň ýygyndysy bilen geçen dünýä çempionatyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň