Si Szinpin «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda nobatdaky gepleşikleri geçirmegi teklip etdi

19:3206.01.2023
0
16426

HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýakyn wagtda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşdäki sammiti geçirmegi teklip etdi. Ol bu hakda Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiginiň dowamynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Si Szinpin «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşli gepleşikler — Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze meýdany diýip belledi. Şeýle-de ol bu meýdanyň açyk, özara bähbitli, deň hukukly, işjeň we netijeli häsiýetlidigini hem nygtady.

Si Szinpiniň belleýşi ýaly, Hytaý ilkinji gezek gatnaşyjy taraplaryň ýüzbe-ýüz gatnaşmagy esasynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşli sammitiň taýýarlyk işlerinde türkmen tarapy bilen bilelikdäki işleri alyp barmaga gyzyklanma bildirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň altytaraplaýyn sammiti ilkinji gezek sanly ulgam arkaly geçen ýylyň ýanwar aýynda geçirilipdi. Bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň