Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar bilen barar

19:2006.01.2023
0
21620
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar bilen barar
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Hytaýa sapar bilen barar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Si Szinpin bilen Pekinde geçirilen gepleşiklerde aýtdy diýip, TDH habar berdi.

— Türkmen we hytaý parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, yzygiderli özara alyşmak iş tejribesini ýola goýmak ugrunda çykyş etmek bilen, biz şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynanýarys — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem Türkmenistanda bu parlamentara gatnaşyklara biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň örän gymmatly guraly hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabr aýynda Russiýa Federasiýasyna we Koreýa Respublikasyna resmi saparlary amala aşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň