Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylaryň üçüsi IJF-iň reýtinginde ilkinji 100-lüge girdi

12:3306.01.2023
0
37643

Zülhumar Daşkinowa bilen Hakberdi Jumaýew türkmenistanly dzýudoçylaryň arasynda 2022-nji ýyly Halkara Dzýudo federasiýasynyň retinginiň iň ýokary basgançagynda tamamladylar.

Ýaryşlara 63 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşýan türgen gyz öz agram derejesinde 409 utuk bilen 74-nji orny eýeleýär.

471 bally Hakberdi Jumaýew hem 60 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda 74-nji orna göterildi. Hakberdi reýtingiň soňky gezek täzelenmegi bilen, bir basgançak öňe süýşmegiň hötdesinden gelipdi. Bu agramda öňdäki ýüzlüge girmäge diýseň ýakyn gelen Aýbek Omirowyň toplan ballaryna hem ünsi çekmek ýerlikli bolar. 309 bal jemlän Aýbek şol agramdaky reýtingiň 102-nji basgançagynda barýar.

48 kilogram agram derejesinde bolsa Aksoltan Hojageldiýewa federasiýanyň reýtinginiň 92-nji basgançagynda ornaşdy. Ol 206 bala eýelik edýär.

Dzýudoçylaryň geljek ýyl Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşyp bilmegi üçin, olaryň reýtingde ilkinji 100-lüge girmegi esasy şertleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň