Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow: «Pekindäki gepleşikler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berer»

23:2004.01.2023
0
17980

5-6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet sapary türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berer. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün geçirilen, 2023-nji ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatyndan soňra belläp geçdi.

Mejlisde wise-premýer R.Meredowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, dünýäniň ýurtlary, şol sanda Aziýa sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Hytaý aýratyn orun eýeleýär. Bu döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýuldy.

Türkmenistan bilen Hytaý iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň maksatnamasy taýýarlanyldy, oňa görä saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, taraplaryň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi.

— Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek bilen, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýokary, hökümetara we pudagara derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, onuň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigine, onuň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň