Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren täze ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2023-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hem hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda ministrlikleriň, ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň teklipleri esasynda ýurduň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, şeýle-de kliniki ordinatura kabul etmek işi guraldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamyny okgunly ösdürmäge hem-de ylmyň dürli ulgamlarynda işlejek ýaş alymlary taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady.
Şeýle-de döwlet Baştutany:
— Ýurdumyzyň ylmy we intellektual kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga hem-de möhüm ugurlarda düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmäge aýratyn üns berilmelidir — diýip, belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.