Aşgabatly Mommadowlaryň maşgalasy üçin täze ýyl turuwbaşdan düşümli, döwletli geldi. Paýtagtdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Täze ýylyň gadam goýan ilkinji minutlarynda olaryň ogul bäbegi dünýä indi. Ol ýurtda 2023-nji ýylda dünýä inen ilkinji çagadyr.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oglanjygyň ata-enesi Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygaryndan ugur alyp, täze ýylda ilkinji dünýä inen bäbege Bagtyýar diýip at goýdular. Oglanjyk ozal 10 ýaşyndaky gyzy we 5 ýaşyndaky ogly bolan Mommadowlaryň maşgalasynyň üçünji perzendidir.
Doglan ogul bäbejigiň agramy 3 kilogram 840 gram we boýy 53 santimetr. Onuň ýagdaýlary kanagatlanarly. Oňa we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär.
Oglanjygyň ata-enesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen sowgatlary gowşuryldy.
Öý hojalykçy Gülbahar hem-de telekeçi Nurmuhammet Mommadowlar, beýleki iki çagalary bilen bilelikde, täze dünýä inen ogullaryny-da Watana wepaly, il-ýurda gerekli adam edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.