Top.Mail.Ru

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

13:0419.12.2024
0
9776

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, bu kitap şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurduň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy. Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda degişli komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň