Soňky habarlar

Arhiw

Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy

16:2331.12.2022
0
42864
Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Surat: uzdaily.uz

Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI (Ýozef Ratsinger) şu gün 95 ýaşynda aradan çykdy. Nemes kardinaly Ýozef Ratsinger 2005-nji ýylda özünden öňki Papa Ioann Pawel II ýurduny täzeländen soň tagta çykdy. Ol özüne Benedikt XVI diýen ady aldy. Bu barada «UzDaily.uz» saýty habar berdi.

2013-nji ýylda ol ömür salynyň birçene barandygy hem-de saglyk ýagdaýy sebäpli tagtdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Onuň tagtdan ýüz öwürmegi Watikanda soňky 600 ýylyň dowamynda ilkinji gezek boldy.

Benedikt XVI soňky ýyllar Watikanyň baglaryndaky «Mater Ecclesiae» diýlen kiçijik monastyrda ýaşady diýip, «RIA Nowosti» ýazýar. Häzirki pontifik Fransisk onuň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklanyp, häli-şindi ýanyna barýardy.

Benedikt XVI nemes, italýan, latyn, iňlis we ispan dillerinde erkin gürleýärdi, gadymy grek we iwrit dillerine suwarady.

Mundan birnäçe gün ozal Rim Papasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň