Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy

10:1129.12.2022
0
19266
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
Surat: rbc.ru

Rim Papasy Fransisk dindarlary özünden öňki Papa Benedikt XVI saglygy üçin ybadat etmäge çagyrdy, 95 ýaşly öňki pontifigiň taby birnäçe sagadyň içinde ýaramazlaşdy diýip, «The Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

«Men hemmeleri hormatly Papa Benedikt üçin aýratyn doga etmäge çagyrýaryn. Onuň haly teň, Ýaradandan oňa saglyk diläp doga edeliň» diýip, Fransisk aýtdy.

Ol bu barada her hepdede geçirilýän ybadat wagtynda dindarlara ýüzlenip aýtdy. Hormatly Papanyň saglygy hakynda Watikan başga maglumat bermeýär.

Ýeri gelende aýtsak, Benedikt XVI 2005-nji ýylyň aprelinden 2013-nji ýylyň fewralyna çenli Rim kilisesiniň başlygy boldy, ol 600 ýylda iş başyndan giden ilkinji pontifikdir. Benedikt XVI ygtyýarlylyklaryndan ýüz öwürmeginiň esasy sebäbi hökmünde özüniň gojalyk salyna ýetendigini görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň